logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«SITEX2024» dokma senagatynyň halkara sergisi geçiriler
  09.04.2024
594
«SITEX2024» dokma senagatynyň halkara sergisi geçiriler

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

 

Şu ýylyň 4–7-nji iýuly aralygynda «SITEX2024» dokma senagatynyň halkara sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekeçilerine bu sergä gatnaşmak mümkinçiliginiň bardygy barada habar berýär.

 

Sergi Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde halkara sergi merkezinde guralar. Sergi dokma pudagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu pudak täzelikleri bilen tanyşmaga we işewürligi has-da gowulandyrmak üçin bar bolan müşderiler bilen duşuşmaga mümkinçilikdir.

 

Aýmyrat NURJYKOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň
talyby.