logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /Şotlandiýa dünýäniň iň gowy golf mekany diýlip yglan edildi
  17.11.2022
1133
Şotlandiýa dünýäniň iň gowy golf mekany diýlip yglan edildi

Takmynan 600 ýyl mundan ozal, Şotlandiýada däp bolan golf oýnamak çäresi häzirki döwürde hem iň meşhur sport görnüşleriniň biridir.

«World Golf Awards» çäresinde golf üçin iň gowy ýerler saýlandy. Bu çärede golfyň watany Şotlandiýa «Dünýäniň iň gowy golf mekany» diýlip yglan edildi.

«World’s Best Golf Course» (Dünýäniň iň gowy golf meýdançasy)  kategoriýasynda 5 baýrak alan Şotlandiýa ilkinji gezek iň gowy golf mekany diýen ady aldy. Bu ady mundan ozal, Portugaliýa eýeläpdi.

Şotlandiýada golf ykdysadyýete takmynan ýylda 1,3 milliard dollar, syýahatçylyk bolsa 339 million dollar girdeji getirýär.

Belläp geçsek, ot bilen örtülen uly meýdanda ýörite top bilen oýnalýan golfyň maksady, topy açyk deşige salmak bolup durýar. Topy deşige girizmek üçin iň az sanly urgy bolmaly. Golf meýdançasynda 9 ýa-da 18 deşik bolýar. Her deşik üýtgeşik aýratynlyk we daşky görnüşe eýedir.

Golfda garşydaşlar biri-biriniň oýnuna päsgel bermeýärler we oýnuň nähili tamamlanjakdygy düýbünden şahsyýetiň islegi bagly däldir. Golf oýnunda sport ussatlygy diýseň möhümdir. Şeýle hem urgy wagtynda meýdan zaýalanan bolsa, zerur düzedişler girizilýär we top yzlary ýok edilýär. 

 

Gülruh ANNABERDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.