logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /Sport – jemgyýetiň sagdynlygyny kepillendirýän gymmatlyk
  14.04.2023
991
Sport – jemgyýetiň sagdynlygyny kepillendirýän gymmatlyk

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzda sport ulgamyny netijeli ösdürmek we barha kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Köpçülikleýin sporty ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, sport ulgamynyň täze usullary kemala getirilýär, ökde türgenleri taýýarlamak arkaly ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi netijesinde oňyn ädimler gazanylyp, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmagy, işjeň sport bilen meşgullanmagy, şeýle-de sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport merkezleri, köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri we beýleki sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berildi. Sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda onuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredildi. Sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýaşlaryň oňa bolan höwesini has hem artdyrýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Serdarymyz bize nusgalyk göreldedir. Paýtagtymyz gözel Aşgabatda döwrebap sport toplumy, Golf sport toplumy, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda uly göwrümli buz meýdançalaryndan ybarat bolan köpugurly sport toplumy guruldy. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli çempionat oýunlary, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär we işjeň ösdürilýär. Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä olimpiýa hereketine goşulmak bilen, ata Watanymyz BMG-niň degişli guramalary bilen gatnaşyklary berkidýär. Eziz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan etdi. Munuň özi bolsa saglyk üçin ähmiýetli bolan bu ulaga ýurdumyzda uly ornuň degişlidiginden habar berýär. Türkmenistan sebit we dünýäde rejesindäki iri sport ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä hem mümkinçilige eýedir. Halkara sport diplomatiýasyny ösdürmek boýunça esasy möhüm ugurlaryň biri-de dünýäde türkmen milli göreşini yzygider ýaýmak bolup durýar. Ýadyňyzda bolsa, 2015-nji ýyldan başlap gözel paýtagtymyzda Bütindünýä göreş federasiýasynyň ştab-kwartirasy öz işine başlady we bu ugurdaky işler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär. 2021-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň mynasyp wekilçilik etmekleri we ýurdumyzyň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy döwletimizde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigini äşgär edýär. Geçirilýän halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan ussat türkmen türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri, ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň dünýä derejesinde sagdynlygyň hem sport ýurdy hökmünde belent abraýynyň barha ýokarlanmagyna ýol açýar. 

 

Islam IKRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.