Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Sport /Sport – sagdynlygyň hem ruhubelentligiň nyşany
  05.04.2023
676
Sport – sagdynlygyň hem ruhubelentligiň nyşany

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen sporty barha ösüşlere beslenýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige, täze belentliklere çykarylmagyna gönükdirilen taýsyz tagallalarynyň netijesinde amal edilýär. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan sport syýasaty netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman sport desgalary, sport merkezleri, dynç alyş we sagaldyş binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu döwrebap binalarda raýatlarymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, beden taýdan taplanmagy ugrunda ýokary derejedäki şertler döredilen. Bu asylly işler bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, sporty özüne hemra edinýän ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýol açýar. Ýur­du­myz­da ila­ta hyzmat etjek hal­ka­ra öl­çeg­le­riň de­re­je­sin­dä­ki döw­re­bap sport desgalarynyň gurulmagy we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ýokary derejede alnyp barylýar. Bi­lim we ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da hem kämil de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan sport binala­ry hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin zerur bolan müm­kin­çi­lik­ler ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ryn­yň ýa­na­şyk çäk­ler­inde hem bina edilýär. Berkarar Watanymyzda sporty ösdürmek, ulgamy kämilleşdirmek, ilatymyzyň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporta höweslendirmek we olary sagdyn bedende hem sagdyn ruhda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny alyp barmak türkmen sportuny has-da belende götermekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle beýik hem oňyn başlangyçlar türkmen ýaşlaryny täze-täze sport üstünliklerine, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Türkmenistan Watanymyz bu gün sport ýurdy hökmünde tutuş dünýä ýüzünde tanalýar. Her ýylyň aprel aýynyň 7-inde ýurdumyzda Bütindünýä Saglyk gününiň bellenilmegi hem muňa aýdyň güwädir. Bu möhüm günde diýarymyzyň ähli ýerlerinde uly joşguna, uly ruhubelentlige beslenen sport çäreleri, täsirli sport ýaryşlary, köpçülikleýin welosipedli ýörişler, sport baýramçylygy giň gerime eýe bolýar. Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan eziz watanymyzda bagtyýar halkymyzyň saglygyny berkitmek, türkmen sportunyň şan-şöhratyny barha arşa götermek babatda netijeli işleri amala aşyrýan Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Nurana ŞÜKÜROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.