Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Saglyk /Stres ýagdaýy ýüzüň derisine nähili täsir edýär?
  16.01.2023
1103
Stres ýagdaýy ýüzüň derisine nähili täsir edýär?

Stresli adam daşyndan seredende gaty gynançly görünýär. Adamyň  ýüziniň daşky ýagdaýy bilen onuň nähili ýagdaýdalygyny bilip  bolýar. Ýagny adam daşky keşbi boýunça gaharjaň, gaýgyly, ýadaw we ş.m ýagdaýda bolsa oňa stres ýagdaýy täsir edýär ýa-da agyr güniň netijesinde bolýar. Ol göze görünýän alamatlar bilen bedene täsir edýär. Stres ýagdaýy akyl saglygyndan başga-da deriniň çynlakaý bozulmalaryna hem sebäp bolup biler.

Dowamly stresiň netijelerinden biri epidermisden artykmaç suwuklygyň ýitmegi. Deriniň suwsuzlanmagy netijesinde adamda  şeýle näsaglyklar ýüze çykýar. Ýagny bedende çişme we ýüzde agyry döreýär. Derini janlandyrmak üçin lipid sintezini köp amala aşyrmaly. Derini goraýjy  tebigy ýaglar, kislotalar (gialuron), ýaglar bilen derini  ideg etmek zerurdyr. 

Deriniň gyzarmagy. 

Ýüzdäki damar ulgamynyň aşa gowşaşmagy dowamly stresiň ýene bir netijesidir. Deriniň gyzarmagy stres gormony kortizol sebäpli ýüze çykýar. Yzygiderli stres wagtynda damarlar inçe bolýar we käwagt ýarylýar. Uzak möhletli stres, çişme deri keselleriniň döremegine sebäp bolup biler. Çözüw hökmünde kapilýar goragy we köşeşdiriji häsiýetli önümler duýgur deri üçin maslahat berilýär. 

Deriniň reňklenmegi. 

Kortizol derini gyzardýan bolsa, adrenalin, tersine, kislorod çalşygyny bozýar. Deri doňan ýaly bolýar. Dowamly stresiň reňksiz deri döredip biljekdigi geň däldir. Limfa ulgamyna stres gormonlary hem täsir edýär. Işlemezligi sebäpli dokumalarda suwuklyk galýar, netijede ýüzüň çişmegi we gözleriň töwereginde gara tegelekler ýüze çykyp biler.  Hatda stres ýüzüň garramagyna-da getirýär. Sebäbi stres ýagdaýynda adamyň myşsalarynyň dartylmagy bolup, netijede ýüzüň garramagyna getirýär. 

 

Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.