logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Syry çözülmeýän howply bir kesel jan almagyny dowam etdirýär!
  28.01.2023
1044
Syry çözülmeýän howply bir kesel jan almagyny dowam etdirýär!

Pakistanda dem alyş ýollary sebäpli ýüze çykan syry çözülmeýän howply kesel, 18 adamyň ölümine sebäp boldy. Kesel bilen baglanyşykly wakalar Pakistanyň Karaçi şäherinde hasaba alyndy. Ýurtda howsala duýduryşy berildi.

Pakistan milli metbugaty täze dörän keseliň epidemiýa ýaly tiz ýokuşýandygyny we adam pidalaryna sebäp bolýandygyny mälim edýär.

Howply entek anyklap bolmaýan bu kesel bilen 10-njy ýanwar ilkinji adam pidasy boldy. Resmiler täze ýüze çykan keseliň sebitdäki nebit, ýangyç we käbir metallary gaýtadan işleýän zawodlaryň howa goýberýän hapa gazy netijesinde dörändigini çaklaýarlar. Şol sebäpli häzirki wagtda sebitdäki 3 sany kärhana ýapyldy.