logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Taýlandyň «Ubon Ratchathani» şäheri suwuň astynda galdy
  11.10.2022
1336
Taýlandyň «Ubon Ratchathani» şäheri suwuň astynda galdy

Taýland soňky 20 ýylyň iň agyr möwsümini başdan geçirýär. Ýurtda yzygiderli we güýçli ýagýan ýagyşlar suw joşmalaryna sebäp bolýar. Birnäçe günläp ýagýan güýçli musson ýagyşlary adaty durmuşda ýaşamaga ýol bermeýär.

Taýlandyň güýçli ýagyşdan ejir çeken «Ubon Ratchathani» şäheri tutuşlygyna diýen ýaly suwuň astynda galdy. Şäheriň ýokardan alnan suraty şäheriň tutuşlygyna diýen ýaly suwuň astynda galandygyny ýüze çykardy.  Berlen maglumata görä, sebitiň 75 müňden gowrak ilaty, Taýland hökümeti tarapyndan howpsuz ýere göçürildi we olara gerekli ähli kömekleri berdi.