logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Täze açylan metjitler halkymyza hyzmat eder
  08.04.2024
768
Täze açylan metjitler halkymyza hyzmat eder

Ýaňy ýakynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, mukaddes Oraza aýynda mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna 4 sany täze metjit ulanylmaga berildi.

 

Täze açylan metjitlere, yzygiderlikde, "Hazar metjidi", "Ruhubelent metjidi", "Jeýhun metjidi" we "Merw metjidi" atlary goýuldy.

 

Ýeri gelende bellesek, bu metjitler Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde , şeýle-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesinde ýerleşip, halkymyza giňden hyzmat eder. Şeýle-de olaryň gurluşyk, daş-töweregini abatlaýyş işleri türkmen hususy kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirildi.

 

Täze ulanylmaga berlen metjitlerde, mukaddes aýyň, şeýle-de mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna agzaçar sadakalary berlip, tarawa namazlary okaldy. Belläp geçsek, ýakynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, şol sanda, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki metjitlerde bu mübärek aýyň hormatyna agzaçar sadakalary berildi.