logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Täze ýyl — arzyly baýram
  16.12.2022
971
Täze ýyl — arzyly baýram

Täze ýyl baýramçylygy dünýäniň aglaba ýurtlarynda giňden bellenilýän şagalaňly toýlaryň biridir. Döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda hem bu ajaýyp baýramçylyk giň göwrümli dabaralara beslenýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de her bir ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basylýar. Ýetip gelýän 2023-nji ýyly ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylaýan bagtyýar ulus-ilimiz baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görýärler, höwes bilen gatnaşýarlar. Häzirki ajap günlerde her bir oba-kendiň, şäherçäniň, şäheriň baýramçylyga mahsus keşbe girmegi ildeşlerimiziň toý ruhuny has belende göterýär. dürli öwüşginli çyralar bilen bezelen baýramçylyk arçalary, gijelerine has üýtgeşik şugla saçyp, kalplary heýjana getirýär.

Paýtagtymyzyň «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň, welaýatlarymyzyň «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki belent başly Täze ýyl arçalarynyň nurana keşbi göreniň akylyny haýrana goýýar. Agzalan baýramçylyk arçalarynyň Täze ýylyň şanyna ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň merkezine öwrülmegi her birimizde guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär.

Toý lybasyna beslenen Diýarymyzyň ak bazarlaryndaky we söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygy şatlygymyza şatlyk goşýar. Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen dürli harytlar, şol sanda konditer önümleri, daýhanlarymyzyň yhlas bilen ýetişdiren gök-bakja önümleri, datly miweler köp görnüşliligi we bahasynyň elýeterlidigi bilen tapawutlanýar.

Täze ýylyň toý ruhy halkymyzyň Gahryman Arkadagly we Arkadagly Serdarly döwrümiziň ýene-de bir üstünlikli ýylyny dabaraly garşylajakdygyny dabaralandyrýar. Goý, hormatly Prezidentimiziň saýasynda günsaýyn ösüp, gül açýan eziz Diýarymyzda ýagşy arzuwlar bilen garşylanýan her bir ýyl berkarar Watanymyza, il-günümize rowaçlyk getirsin! 

 

Kümüşgözel ÇOLUKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.