logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlary hereket edip başlady
  13.12.2022
1012
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlary hereket edip başlady

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda 807 sany, Aşgabat şäherinde bolsa 14 sany göçme söwda nokatlary halkymyza hyzmat etmäge başlady.

Mälim bolşy ýaly, Täze ýyl baýramçylygy islendik ýaşly adamyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylyklarynyň biri bolup durýar. Türkmençilikde Täze ýylyň ilkinji gününi nähili garşylasaň, tutuş ýyl şo hili geçýär diýen yrym bar. Şonuň üçin hem adamlar bu baýramçylykda ýakyn hossarlaryny, dostlaryny begendirmek, olaryň ýüzüne şatlyk, begenç duýgularyny çaýmak maksady bilen, Täze ýyl sowgatlaryny gowşurýarlar. Naz-nygmatdan dolduryp saçak ýazyp, myhman garşylaýarlar. Elbetde, alnan sowgatlyklaryň, ýazylan saçagyň has göwnejaý bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, biziň ilkinji duralgamyz bazardyr söwda merkezleri bolýar.