Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze ýyl rysgal-döwletli ýyl bolsun!
  22.12.2022
700
Täze ýyl rysgal-döwletli ýyl bolsun!

Berkarar Watanymyz şu günler täze arzuwlara, ýagşy umytlara beslenjek Täze – 2023-nji ýyly garşylaýar. Eziz Diýarymyzyň çar ýany ajaýyp öwüşginlere, baýramçylyk lybasyna beslenip, daş-töwerege şugla salyp oturan owadan arçalary bezeg berýär. Şeýle ajaýyp görnüşi synlanyňda bolsa uly rowaçlyklara beslenip geçen 2022-nji ýylyň hem tamamlanyp barýandygy hakydaňa dolýar. Üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraý-mertebesini dünýä ýaýan, mähriban halkymyzy baky bagtyýarlyga, egsilmez bagta beslän, döwletimiziň şan-şöhratyny arşa göteren taryhy ýyllaryň biri boldy. Tamamlanyp barýan 2022-nji ýylda eziz halkymyza Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşler, belent rowaçlyklar, ýeňişli sepgitler hemra boldy. Bu ýylda durmuşa geçirilen beýik işler, aýratyn hem ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylan işler bagtdan paýly bagtyýar ýaşlaryň kalbynda müdimilik galdy. Şeýle bedew batly özgertmeler mähriban halkymyzyň eşretli durmuşynda, döwletimiziň halkara jemgyýetçiligindäki at-abraýynda mynasyp beýanyny tapdy, watandaşlarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Welaýatlarymyzdaky obadyr şäherlerdäki, mermer paýtagtymyz gözel Aşgabadyň bir-birinden gözel hem bezemen arçalarynyň nurana  yşyklary, adamlaryň ýüzündäki joşgun, çagajyklaryň şadyýan gülki sesleri baýramçylyk şatlygyny artdyryp, göwünleri galkyndyrýar. Täze ýyly merdana halkymyz uly guwanç, uly ruhubelentlik, ýagşy umytlar bilen garşylaýar, naz-nygmatdan doly desterhanyny giňden ýazýar. Täze – 2023-nji ýyla bagtyýar halkymyz uly zähmet ýeňişleri bilen barýar. Biri-birinden üstünliklere beslenip gelýän ýyllaryň kerweni ýene bir ajaýyp ýyl bilen baýlaşýar. Şatlyk-şowhuna, bagtyýarlyga beslenip belleniljek Täze ýyl halkymyza rowaçlyklary, ýakymly wakalary bagyşlar. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Täze ýyl her bir maşgala ojagyna rysgal-döwlet, egsilmez bagt, jan saglyk getirsin. Täze ýylyňyz düşümli, döwletli ýyl bolsun! 

Düşümli ýyl bolsun Täze ýylymyz,
Rowaç alsyn bedew batly ýolumyz,
Agzybirlik, asudalyk ýar bolsun,
Täze ýylyňyz gutly, düşümli bolsun! 

 

Babyş ATJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.