Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze ýylyň şatlygy – bagta besleýär barlygy!
  26.12.2022
482
Täze ýylyň şatlygy – bagta besleýär barlygy!

Toý-baýramly ata ýurdumyz Türkmenistan şu günlerde Täze ýylyň köp öwüşginli lybasyna beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde owadan hem belent arçalar oturdylyp, baýramçylyk bezegleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dürli öwüşgin saçýan çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen owadan lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe adamlar ýygnanyp, birek-birege abadançylyk, bagtyýarlyk arzuwlaýarlar. Täze ýyl baýramyndan bagtyýar çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň we açyşlaryň jadylaýjy güýji gözbaş almak bilen, Aýazbabanyň we onuň agtyjagy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar. Bu baýram ajaýyp maşgala baýramçylygydyr. Täze ýyl – täze umytlaryň, päk arzuwlaryň hasyl bolmasydyr!

Çürbaşy «2023» belgili sekizburçly ýyldyz bilen jemlenýän täze ýyl arçalarynyň ajaýyp bezegi kalplara baýramçylyk şatlygyny paýlaýar. Baýramçylyk äheňinde bezelen ulag kerweni ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalary jemläp, paýtagtymyz Aşgabadyň owadan şaýollaryny bezeýär. Baýramçylyk lybasyna bürenen paýtagtymyzda özboluşly binagärlik aýratynlygy Täze ýylyň gözelligi bilen utgaşýar. Agşam çaglarynda köp sanly arçalaryň bezegleri, dürli şekilleriň özboluşlylygy älemgoşar öwüşgini bilen çar tarapa ajaýyp gözellik çaýýar. Täze ýylyň şatlygy, çagalaryň şadyýan gülki sesleri ýurdumyzyň çar ýanyny gurşap alýar. Şadyýan çagalaryň bagtyýar, joşgunly sesleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz Watanymyzyň şu gününe we ertirine bolan ynamyň aýdyň subutnamasydyr.

Birek-birege ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikler arzuw edýärler.

Ertekileri ýada salýan, ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap hakydasynda galjak Täze ýyl baýramyna bagtyýar halkymyz uly zähmet ýeňişleri, zähmet sowgatlary bilen barýar. Biri-birinden üstünliklere beslenip gelýän ýyllarymyz ýene bir üstünlikli, rowaç ýyl bilen baýlaşýar. Pursatdan peýdalanyp, Eziz Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, külli türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarys. Goý, Täze ýyl halkymyza rowaçlyklary, ýakymly wakalary, şanly seneleri bagyş etsin! Täze ýyl her bir maşgala ojagyna rysgal-döwlet, egsilmez bagt getirsin! 

 

Şirinjemal ATAJANOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky 
Türkmen döwlet mugallymçylyk 
institutynyň talyby.