logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /TDIM: Dartgynly ýagdaýlar diňe parahatçylykly ýollar bilen çözülmeli
  14.06.2025
1262
TDIM: Dartgynly ýagdaýlar diňe parahatçylykly ýollar bilen çözülmeli

2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Ysraýylyň Eýrandaky ilatly ýerlerine we desgalaryna raketa zarbalaryny urmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdaky beýanat bilen çykyş etdi.

 

Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe ýurt hökmünde halkara we syýasy meseleleri çözmekde güýji ulanmagy ýa-da haýbat atmagy kabul etmeýär.

 

Beýanatda bellenilişi ýaly, “Biz ähli çylşyrymly ýagdaýlary diňe parahatçylykly ýollar arkaly çözmegiň zerurdygyna, bu işde bolsa BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy kadalaryna esaslanýan syýasy-diplomatik serişdeleriň giňden ulanylmalydygyna ynanýarys”.

 

Bu beýanat sebitleýin dartgynlygyň artýan wagtynda we halkara jemgyýetçiligiň dartgynlygy azaltmak baradaky çagyryşlarynyň çäklerinde ýaýrady.