logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tejen etrabynda baýramçylyk dabarasy geçirildi
  26.12.2022
851
Tejen etrabynda baýramçylyk dabarasy geçirildi

Tejen etrabynyň «Bagt ýoly» toý mekanynda etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda «Hoş geldiň, Täze ýyl!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilen dabarany etrap medeniýet bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Etrap medeniýet bölümi hem-de çagalar sungat mekdebi tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazlar, tans we folklor çykyşlary, sahna ussatlarynyň gülküli oýunlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlaryň göwnüni galkyndyrdy. Toý desterhanynyň daşyna jem bolan bagtyýar ildeşlerimiz 2022-nji ýylyň üstünlikli, rysgal-döwletli, taryhy wakalara baý ýyllaryň biri bolup jemlenendigini buýsanç bilen bellediler hem-de Täze, 2023-nji ýylyň hem ata Watanymyz, halkymyz üçin ösüşli ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdiler.

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.