logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tejen etrabynda nesil terbiýesi barada maslahat geçirildi
  28.11.2023
867
Tejen etrabynda nesil terbiýesi barada maslahat geçirildi

Şu günler Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalaryndan düzülen ýörite topar bolup etrap häkimligimiziň meýilnamasy esasynda Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli berýän tabşyryklaryndan ugur alyp Tejen etrabynyň bilim edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleriň, ene-atalaryň arasynda edep-terbiýe, tertip-düzgün barada wagyz-nesihat çäreleri güýçli depginde dowam edilýär.

 

 

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli medeni mirasymyzyň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, pederlerimizden miras galan kämil däp-dessurlarymyzyň aýawly saklanmagy, içgin öwrenilmegi hem-de dünýäde wagyz edilmegi babatda hemme şert-mümkinçilikleri döredýär.Gahryman Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp halk köpçüliginiň, ýaşlaryň arasynda dürli görnüşli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar.

 

 

Ýygnakda ata- babalarymyzdan dowam edip gelýän nesil terbiýesi bilen baglanyşykly ýagşy söhbet açylyp baý  edep-ekram, terbiýe, halal bilen haramyň ara tapawudy, ene-ata hormat goýmak, Watan mukaddeslikleri, perzentlik borçlary barada wagyz edilýär.Ýaşlarymyza ýaramaz endikleriň zyýany, haramlygyň gowulyk bilen gutarmaýanlygy düşündirilýär. Baý taryhymyza ser salanymyzda asyrlardyr dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz, türkmen gelin-gyzlarynyň öz ar-namysy, abraýy ugrunda eden söweşi barada aýdylyp geljekde-de ýaşlaryň mundan beýläk dowam etdirmekleri  öwüt-ündew edilýär.

 

 

Ýygnagyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyz üçin edýän aladalary, döredýän şeýle mümkinçilikleri üçin sag bolsun aýdylyp, janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edilýär.                                                           

    

 

Hakberdi SAPARDURDYÝEW,
Ylym we bilim işgärlerniň Kärdeşler arkalaşyklarnyň
Tejen etrap Geňeşiniň hünärmeni.