logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Tejen etrabynda tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik gurnaldy
  03.03.2025
1497
Tejen etrabynda tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik gurnaldy

Ýakynda Tejen etrabynyň  Ýöriteleşdirilen   dikeldiş  merkezinde   Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Ahal welaýatynyň Tejen  etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik  guramalarynyň,   şeýle hem Miras teleýaýlymynyň  bilelikde  gurnamagynda  2025-nji  “Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak”  ýylynda  baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli  söhbetdeşlik gurnaldy.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler,  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  taýsyz tagallalary bilen günsaýyn ösýän, özgerýän döwletimiziň her bir güni taryhy wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Halkymyz Döwlet Baştutanymyzyň aýdyň ýoly bilen ýeňişlerden-ýeňişlere sary ynamly gadam urýar. Türkmenistan Watanymyz tanalmaz derejede ösüp, özgerip, syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan gurply ýurtlaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edildi. Ýurt Baştutanymyz tarapyndan peşgeş berlen ajaýyp zamanada ýaşamak, döretmek, gurmak üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň kabul edýän il-ýurt bähbitli kararlarydyr, çözgütleri ildeşlerimiziň her birinde Watana bolan çäksiz söýgüni döredýär. Şular ýaly beýik özgertmeleriň dowamaty dowam bolup başyny göge direýän raýatlarymyzyň hem alkyşly sözleriniň yzy üzülmeýär diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.

         2025-nji “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak”  ýylyna gadam  basan ilkinji günlerimizden bäri  ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. 2025-nji ýyly   “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” diýlip yglan edilmegi  Türkmenistanyň halkara  syýasatynda  gazanan üstünlikleriniň  aýdyň mysalydyr.  Şeýle başlangyçlar  diňe bir Türkmenistan döwletimiziň däl,  eýsem   bütin  dünýä  jemgyýetçiliginiň  parahatçylykly  we ynanyşykly geljege  bolan  ymtylşyny  görkezýär. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda  oňa gatnaşyjylar Ýurdumyz we halkymyzyň gülläp ösmegi üçin  gije-gündiz taýsyz tagallalar edýän Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň   adyna ýürekden çykýan  alkyş sözlerini  beýan etdiler.

 

                                          Leýli Ataýewa,

Ylym we bilim işgärleriniň
Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap
Geňeşiniň  işgäri,
Zenanlar  guramasynyň işjeň agzasy.