logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Tejen etrabynda Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  14.10.2023
742
Tejen etrabynda Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň gurnamagynda Tejen etrabynyň Agalaň oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň  Halk  Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen karalardyr, çözgütleri dogrusynda    maslahat geçirildi.    Maslahata  il sylagly ýaşulylar, altyn saçly mährem eneler hem-de etrabyň çägindäki edara kärhanalarda  işleýän  Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

 

 

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmen halkynyň Millli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly hem taryhy wakasy hökmünde uly şatlyk paýlaýar.Garaşsyz Watanymyzyň  şöhratly  ýylynyň içinde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň,  asudalygyň watany bolan  Berkarar döwletimizde bedew batly ösüşler giň gerimde ýaýbaňlanýardyrylýar. Watanymyzyň ähliulgamlarynda gazanylýan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp, halkyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport soplumlarynyň,ulag infrastruklarynyň we geçelgeleriniň gurulmagy, halkymyzyň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy muňa aýdyň subutnamasydyr diýip belläp geçdiler.

 

 

Maslahatyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Aýsoltan Öwezowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.