Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy  geçirildi
  23.04.2024
209
Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy  geçirildi

Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milletiň üýtgewsiz  ynsanperwerlik gymmatlyklary, sagdyn-durmuş ýörelgeleri  Türkmen halkynyň Milli  Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar.

 

Ynha şu gün hem  Zenanlar guramasynyň  Tejen etrap bölüminiň  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň bilelikde gurnamagyna  Tejen etrabynyň  çäginde  ýerleşýän 30-njy orta mekdebinde  wagyz-nesihat  ýygnagy geçirildi.  Ýygnaga  mekdepde zähmet çekýän gelin-gyzlar şol sanda ýokary synp okuwçy gyzlar gatnaşdylar.

 

Ýygnakda   çykyş edenler  Türkmenistan döwletimizde maşgalanyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga, ösüp barýan ýaş nesilleri terbiýelemäge   we olara bilim bermäge döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi     kanunçylyk  üpjünçiliginden  başlap,  ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga bolan aralygy öz içine alýar diýip belläp geçdiler. Maşgalanyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde  halkymyza  mahsus bolan maşgala gymmatlyklarynyň  wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň buýsançly başyny has-da belende göterýär diýip belläp geçdiler.

 

Ýygnagyň dowamynda  oňa gatnaşyjylar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşamaga, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Leýli Ataýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.