logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Tejen etrabynyň Garryçyrla Geňeşligindäki sport mekdebinde ýaryş geçirildi
  20.04.2022
1274
Tejen etrabynyň Garryçyrla Geňeşligindäki sport mekdebinde ýaryş geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Tejen etrabynyň Garryçyrla Geňeşligindäki sport mekdebinde “Sport sagdynlygyň girewidir” ady bilen sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-11-nji synp okuwçylardan düzülen toparlar gatnaşdy.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesi, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşi hem-de Tejen etrap sport mekdebi bilelikde gurnadylar. Ýaryş örän gyzykly hem-de çekeleşikli geçdi. Täsirli geçen oýunlaryň her biri köpçülikde uly gyzyklanma döretdi. Oýunlaryň gidişinde etrabyň 8-nji we 1-nji mekdepleriniň futbolçy toparlary iň köp utuklary gazanyp, degişlilikde birinji hem-de ikinji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda 12-nji orta mekdebiniň futbol topary üçünji ýeri eýeledi. Bu gezekki sport bäsleşigi bu oýna ýaşlaryň höwesiniň uludygyny görkezdi.

Ýaryşda üstün çykan toparlaryň oýunçylaryna hem-de şol toparlaryň tälimçi mugallymlaryna Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gurbanmyrat JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgär
i.