logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Tejen şäheriniň sport mekdebinde ýaryş geçirildi
  29.09.2022
920
Tejen şäheriniň sport mekdebinde ýaryş geçirildi

Tejen şäheriniň sport mekdebinde orta mekdepleriň okuwçy oglanlarynyň arasynda basketbol boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilelikde gurady.


Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde Tejen şäheriniň topary birinji, Tejen etrabynyň topary ikinji, Babadaýhan etrabynyň topary bolsa, baýrakly üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.