logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Telekeçilik we şahsy ösüş barada açyk sapak geçirildi
  09.10.2025
544
Telekeçilik we şahsy ösüş barada açyk sapak geçirildi

Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Resurslardan täsirli peýdalanmak» atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de institutyň bilelikde guramagynda geçirildi.

 

Çärede çykyş eden “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew ýaşlaryň telekeçilige başlamagyny goldamak we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak barada gürrüň berdi.

 

Soňra Rupta Consulting maslahatçysy we mugallymy Öwez Gandymow bolsa, maşgala, jemgyýet we şahsy ösüş barada çykyş etdi. Ol ýaşlaryň jemgyýetdäki orny we ruhy-ahlak taýdan ösmeginiň ähmiýeti barada pikir alyşdy.

 

Çäräniň dowamynda çykyşlar esasynda gatnaşyjylar bilen gyzykly soraglar boýunça pikir alşyldy.