Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi
  24.09.2025
79
TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli “Mukaddes Garaşsyzlyk — berkararlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata professor-mugallymlar, aspirantlar, hünärmenler we talyplar gatnaşdylar.Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler Garaşsyzlygyň halkymyza getiren ösüşleri, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini, Garaşsyzlygyň ähli üstünlikleriň gözbaşy bolandygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda Garaşsyzlyk nesli, ykdysady özgertmeler, ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagy barada gürrüň edildi.

 

Maslahatda 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini belledi. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris» diýip belleýär.

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlarynyň halkara parahatçylygy, durnukly ösüş we hyzmatdaşlyk bilen baglydygy nygtaldy. Şol bir wagtda, “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyzlygyň täze tapgyra gadam basandygyny görkezdi.

 

Soňra maslahat «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany!», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi  dowamat dowam», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümçelere dowam etdi. Olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň dabaralary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde Garaşsyzlygyň gymmaty hakynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler, azyk garaşsyzlygy, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy, Garaşsyzlyk aňyýeti we millilik, beýik şahsyýetlerimiziň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Garaşsyzlyk ýörelgeleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim, oba hojalyk ulgamlarynyň ösüşi hakynda çykyşlar diňlenildi.

 

Merjen ATAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň talyby.