logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy
  17.03.2025
1273
TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Şeýle hem serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Sergi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çärelere gatnaşýanlara gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynda Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetde hususy pudagyň ösdürilmeginiň ileri tutulýandygyny nygtap, başlan giň gerimli çäreleriň telekeçileriň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýandygyny belleýär.

 

Sergide azyk senagaty, ýeňil senagat, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, dokma, elektronika, mebel, söwda, bilim, mahabat we çaphana ulgamlaryna degişli önümler we hyzmatlar hödürlenýär.

 

Sergi we 18-nji martda açyljak halkara forum 19-njy marta çenli dowam eder.

 

Aýlara RUSLANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.