logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Türk wekiliýeti bilen hyzmatdaşlyk duşuşygy
  09.04.2025
1532
Türk wekiliýeti bilen hyzmatdaşlyk duşuşygy

8-nji aprelda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde uniwersitete gelmäge wagt tapandygy üçin Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Erene minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda myhmana uniwersitetiň taryhy, gurluşy, amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygy, alyp barýan ylmy işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.

 

Öz gezegine Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy hoşniýetli arzuwlar hem-de uniwersitetde mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda talyp alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak we ösdürmek özüniň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn belläp geçdi. Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny nygtady we bu babatda diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleriň amala aşyryljakdygy barada belledi.

 

Duşuşygyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bellenen tertipde ylalaşylan ýagdaýynda Türkiýäniň degişli ýokary okuw mekdepleri bilen mugallym we talyp alyş çalyş, şeýle hem bilelikde ylmy-barlag işleri alyp barmaklygy gurnap boljakdygy barada hem belläp geçdi.

 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleri alyp barjakdyklary barada ylalaşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi