logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa
  10.09.2025
2660
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýurda amala aşyran iş sapary, şeýle hem hormatly myhman hökmünde ŞHG+ Sammitiniň mejlisine gatnaşmagy diňe bir ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm pursady bolman, eýsem, türkmen-hytaý strategik gatnaşyklaryň aýratynlygy hökmünde iki döwletiň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň, özara düşünişmegiň taryhy ýolunyň dowam edýändiginiň-de aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda habar berilýär.

 

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy kökleri asyrlara uzaýar. Häzirki wagtda bu ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň ähli ugurlarda üstünlikli dowam edýändigini görmek bolýar. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň mysalydyr. Taraplaryň gatnaşyklary açyklyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga we düşünişmäge daýanýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa eden saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri boýunça Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny bellemegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze sepgide çykýandygyny görkezýär.

 

Bu Ylalaşygyň giriş bölüminde türkmen we hytaý halklarynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan «Kasamly şertnama» baradaky maglumat bar. Şol resminama biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýyl bilen baglanyşykly bolup, onuň atlandyrylyşy hem iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň mukaddesliginiň we sarsmazlygynyň nyşany hökmünde kabul edilýär.

 

Täze taryhy döwrüň şertlerinde iki döwletiň ýolbaşçylary geçmişden gözbaş alýan bu baý binýada daýanyp, hyzmatdaşlyga täze many-mazmun berýärler. Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwürlerinden gaýdýan taryhy köklere esaslanyp, häzirki wagtda-da özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklaryň berk binýadynda üstünlikli ösdürilýär.

 

Bu üstünlikli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaýyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda ýola goýlan ynanyşmaga daýanýan gatnaşyklaryň aýratyn orny bardyr. Soňky ýyllarda ýokary we hökümet derejedäki saparlaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy iki ýurduň hem tebigy baýlyklaryny we ösen infrastrukturasyny doly peýdalanmagyň möhümdigini görkezýär.

 

Aýna Nurmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.