logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen işewürleri Buharestde geçiriljek halkara sergä gatnaşarlar
  08.04.2024
623
Türkmen işewürleri Buharestde geçiriljek halkara sergä gatnaşarlar

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-njy maýyndan 19-njy maýyna çenli Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçiriljek «TIBCO-2024» atly sarp edilýän harytlaryň halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergini «ROMEXPO S.A.» guraýar.


 

«TIBCO» her ýyl halkyň köpçülikleýin sarp edýän harytlaryny tanyşdyrmak ulgamynda esasy waka bolýar. Onuň çäklerinde dokma önümleri, egin-eşikler, aýakgaplar, gurluşyk enjamlary, ýyladyş tehnikalary, santehnika, kosmetika, parfýumeriýa harytlary, oýunjaklar, azyk önümleri hödürlenýär.


 

Oňa her ýyl Müsür, Bolgariýa, Germaniýa, Fransiýa, Gresiýa, Hindistan, Moldowa, Awstriýa, Pakistan, Rumyniýa, Ispaniýa, Şri-Lanka, Wengriýa we ABŞ ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar.


 

Ilkinji «TIBCO» sergisi 1972-nji ýylda geçirildi. 1994-nji ýylda bu sergi Bütindünýä sergi senagaty birleşiginiň senenamasyna girizildi.


 

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen telekeçileri täze şertnamalar baglaşmaga mümkinçilik alarlar, bu ugurdaky bar bolan müşderiler we hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar bolar, şeýle hem täze hyzmatlar we önümler bilen tanşarlar.

 

Şahnoza BALTABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we 
dolandyryş institutynyň talyby.