Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen-rus gatnaşyklary: netijeli hyzmatdaşlyga sary
  24.11.2023
369
Türkmen-rus gatnaşyklary: netijeli hyzmatdaşlyga sary

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýuldy. Häzirki wagtda türkmen--rus strategik hyzmatdaşlygy halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Ýekeje mysal. Diňe, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, Russiýa Türkmenistanyň iň möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridir. Bu görkeziji bilen diňe ykdysady taýdan hyzmatdaşy bolma eýsem, bilim ulgamynda-da ýokary derejeli hyzmatdaşy bolmagynda galýar.Häzirki wagtda Türkmenistanda rus dilinde okadylýan 71 mekdebiň bardygy hemmuňa aýdyň mysal bolup biler.

 

 

Häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bikanun we zyýan ýetirýän maksatlarda, şol sanda döwletleriň içerki işlerine gatyşmak hem-de özygtyýarlylygyny bozmak üçin ulanylmagyndan ynjalyksyzlanýandyklaryny beýan edýärler, halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýylyň 5-nji aprelindäki Ylalaşygyň esasynda we 2022 — 2025-nji ýyllarda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek arkaly halkara maglumat howpsuzlygy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýetini doly derejede kanagatlandyrýarlar.

 

 

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçirildi. Şol döwürde işewür geňeşleriň bilelikdäki ýygnagyny geçirmek hem meýilleşdirildi. Şonuň ýaly-da, çäräniň çäginde russiýaly öndürijileri üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirildi. Bu forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirildi.

 

 

Diýmek, taraplar oz aralarynda işjeň ýagdaýda hyzmatdaşlyklaryny alyp barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleri Türkmenistanda milli ykdysadyýetiniň köpugurly esasda ösdürilmegine, täze, ýokary girdejili, eksport ugruny nazarlaýan önümleri öndürýän pudaklaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Taraplaryň birek-birege ynanyşmagy, özara düşünişmegi duşuşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Munuň özi deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda, geçen ýyllaryň tejribesini we döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak arkaly ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini kesgitlemek üçin möhüm binýady kemala getirmäge bolan umumy we ylalaşykly çemeleşmeleri taýýarlamagy şertlendirýär.

 

 

Selbi Ylýasowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.