logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmen telekeçileri halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar
  26.03.2024
635
Türkmen telekeçileri halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde şu ýylyň 11 – 13-nji apreli aralygynda geçiriljek «Freskon» atly miweleriň we gök önümleriň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

 

«Freskon» – bu Balkanlarda we Günorta-Gündogar Ortaýer deňzinde geçirilýän miweleriň we gök önümleriň iň iri sergisidir.

 

Sergi ugurlary: ter miweler we gök önümler; organiki önümler, gaplamak we standartlaşdyrmak üçin materiallar; ulag-logistika kompaniýalary, şeýle hem hile gözegçilik barlaghanalary.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl Polşa hem sergä hormatly myhman hökmünde gatnaşýan ýurt bolar, çünki ol ter miweleri hem-de gök önümleri öndürmekde we eksport etmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

 

Berkeli JUMAGELDIÝEW,

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 

institutynyň talyby.