logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmen türgenleri 23 medal bilen Yslam Raýdaşlygy oýunlaryny tamamlady
  19.08.2022
1275
Türkmen türgenleri 23 medal bilen Yslam Raýdaşlygy oýunlaryny tamamlady

Türkiýede geçirilen V Yslam Raýdaşlygy oýunlary tamamlandy. Oýunlaryň ýapylyş dabarasy Konýa şäheriniň Seljuk uniwersitetiniň «15-nji iýul» uniwersietiniň stadionynda geçirildi. Oýunlaryň ýapylyş dabarasyna 4 müňden gowrak türgen gatnaşyp, 55 döwletiň wekilleri baýdaklary bilen ýörişden geçdiler.

 

 

Türgenler sportuň 24 görnüşi boýunça medallaryň 355 toplumy üçin göreşdiler. Türkmen türgenleri hem  V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryny jemi 23 medal bilen tamamladylar. Olaryň 4-si altyn, 6-sy kümüş, 13-si bolsa bürünç medallar bolup durýar.