logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda
  08.10.2025
710
Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda

2025-nji ýylyň 5-6-njy oktýabrynda Özbegistanyň Nukus şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda halkara forum geçirildi. Bu çäre Özbegistanyň Mekdebe çenli we orta bilim ministrligi tarapyndan gurnaldy. Foruma sebitiň döwletleriniň bilim edaralaryndan, halkara guramalardan hem-de dünýäniň birnäçe öňdebaryjy bilim merkezlerinden wekiller gatnaşdylar.

 

Forumyň açylyş dabarasynda Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary, şeýle-de BMG, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky, Britaniýanyň Geňeşi, Cambridge University Press & Assessment, Marshall Cavendish Education we MIT ýaly abraýly guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda sebitdäki ýurtlaryň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek, ýaşlara ekologiýa medeniýetini öwretmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman okatmagyň usullaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümindäki pedagoglar beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler, halkara taslamalaryň tanyşdyrylyşlaryna we dürli medeni çäreleriň birnäçesine gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň bu halkara foruma gatnaşmagy, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara tejribe esasynda kämilleşdirilmegine, täze başlangyçlaryň öwrenilmegine we bilimde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder.

 

Annagül ÇARYÝEWA,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň
4-nji orta mekdebiniň türkmen dili
we edebiýaty mugallymy.