logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen wekiliýeti “Sogd-2025” halkara söwda ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar
  15.05.2025
741
Türkmen wekiliýeti “Sogd-2025” halkara söwda ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, türkmen işewürlerini 2025-nji ýylyň 12-14-nji iýun aralygynda Täjigistanda geçiriljek “Sogd-2025” atly XI halkara söwda ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.

 

11 ýyl bäri geçirilip gelinýän bu halkara çäre söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, maýa goýumlary çekmäge we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ýarmarka halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de täze hyzmatdaşlary tapmak üçin netijeli platforma bolup hyzmat eder.

 

Ýarmarkanyň maksatnamasynda söwda we maýa goýum forumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu forumyň dowamynda Täjigistanyň kompaniýalary öz önümlerini tanyşdyrarlar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze bazarlara çykmak maksady bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekmek meýilleşdirilýär.

 

Geçen, ýagny 2024-nji ýylda guralan ýarmarka Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Eýrandan, Hytaýdan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we Koreýa Respublikasyndan 500-e golaý wekili gatnaşypdy.