Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy — dünýä şygryýetiniň şamçyragy ✦ ✦ Afrika tokaýlarynyň täsin jandary — bongo ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan ynamly ýeňiş ✦ ✦ Ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär ✦ ✦ Özbegistan taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar ✦ ✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ “Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen–ýapon hyzmatdaşlygy: Wodorod energiýasy taslamasy
  09.04.2025
958
Türkmen–ýapon hyzmatdaşlygy: Wodorod energiýasy taslamasy

2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu möhüm waka wideoaragatnaşyk görnüşde, ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.

 

Gol çekilen resminama — Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm tapgyry bolup, onuň esasy maksady wodorod energetikasy ýaly geljegi uly we dünýäde möhüm orny eýeleýän ugurda bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmekden, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa we durnukly energetika tehnologiýalaryny ösdürmekden ybaratdyr.

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti, professor Kýosuke Nagata çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda bilim, ylym we tehnologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir iki ýurduň arasynda däl, eýsem dünýä derejesindäki ösüş üçin hem örän uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

 

Dabara Sukuba uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça wise-prezidenti professor Osamu Ohneda, şeýle hem Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary institutynyň dekany, ýerine ýetiriji direktory professor Toşinobu Usuýama hem gatnaşdylar.

 

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary barha güýçlenýär. Ýapon dili ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hem-de ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde üstünlikli okadylyp, ýaşlaryň bu dile bolan gyzyklanmasy artýar. Mundan başga-da, talyp we mugallym alyş-çalşyklary, bilelikdäki ylmy-amaly forumlar, okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär.

 

Bu Ähtnama diňe bir iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine däl, eýsem halkara ylmy gatnaşyklarynyň ösmegine, ýaş alymlaryň we talyplaryň täze tejribeleri ele almagyna giň ýol açýar. Şeýle hem, wodorod energiýasy ýaly möhüm ugurda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň netijeleri dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüşine möhüm goşant goşar.

 

Türkmenistanyň bilim syýasatynyň halkara derejesinde üstünlikli ösdürilmegi, ýaşlaryň ylma bolan höwesiniň artdyrylmagy hem-de bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyk derejede kämilleşdirilmegi nukdaýnazaryndan bu waka aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi