logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  25.11.2022
870
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

24-nji noýabrda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bilelikde guramagynda «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar we eneler çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler sagdyn we giň gözýetimli nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işlerde zenanlaryň abraýly orny barada durmuşy mysallara salgylanyp gürrüňler edildi.