logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenbaşy – Baku aralygynda ýene bir gämi gatnawy ýola goýular
  06.12.2022
1060
Türkmenbaşy – Baku aralygynda ýene bir gämi gatnawy ýola goýular

«Azerbaýjan Hazar deňiz gämiçiligi» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Ro-Ro» derejeli «Kompozitor Fikret Amirow» gämisini düýpli abatlady. Gäminiň suwasty we ýerüsti bölekleri arassalandy we boýaldy, tutawaçlarda, balast we ýük bölümlerinde we beýleki ýerlerde poslan metal listleri çalşyldy. Esasy we kömekçi hereketlendirijiler, sowadyş ulgamy we beýleki ulgamlar hem düýpli abatlandy. Mundan başga-da, ekipaž üçin ýaşaýyş we hyzmat otaglary täzelendi.

Gäminiň ilkinji ugrunyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolmagyna garaşylýar.