logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
  05.12.2023
680
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

2023-nji ýylyň 30-njy noýabr — 12-nji dekabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) düýp mazmuny hem ekologik durnuklylygy üpjün etmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, 1-2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde iş saparynda bolup, Bütindünýä howa sammitiniň plenar mejlisine gatnaşmagy tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryndan orun alar.

 

 

Häzirki wagtda Dubaýda dowam edýän «COP28» maslahatynda bolsa Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan etdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

 

 

Ýer ýüzüniň bagtyýar we abadan geljeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny beýan edýän Türkmenistan ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşykda taýýarlanylan resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle hem birnäçe başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin «COP28» koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldady.

 

 

Adamyň tebigat bilen gatnaşygy iň ilki dörän ulgamda — oba hojalygynda has-da üýtgeşikdir: pudak daşky gurşawa juda garaşly, özem tebigatyň iň esasy serişdelerinden barha has köp mukdarda peýdalanyp, töwekgelçilige-de ýygjam-ýygy duçar bolýar. BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy hem hut şu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girdi. Ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edilendir. Konwensiýa ählumumy ykrarnama eýe bolup, 198 döwlet tarapyndan tassyklanandyr.

 

 

Akjagül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň laboranty.