logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Türkmenistan dünýä metbugatynda..
  23.12.2022
818
Türkmenistan dünýä metbugatynda..

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň köp sanly habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirildi, Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerini beýan edýän neşirler çap edildi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde neşir edilýän «The Diplomatiс Insight» žurnalynyň hem-de Hindistanda çap edilýän «EnGlobal» işewürlik žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan iňlis dilindäki ýörite sanlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu žurnallaryň sahypalarynda ata Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri baradaky maglumatlar Aziýa sebitiniň we beýleki ýurtlaryň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistana tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Şol mümkinçilikler diňe bir tebigy çig mal serişdeleri bilen däl, eýsem, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlaryndaky ägirt uly kuwwaty bilen şertlendirilendir. Bu ulgamlar bolsa ykdysadyýet biliminde, maýa goýum gatnaşyklarynda, intellektual alyşmalarda möhüm orun eýeleýär. Meşhur daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlarynyň çap edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr. 

 

«Çeşme: Türkmenistan Altyn asyr»