logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar
  23.04.2025
1818
Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar

Şu ýylyň 15-16-njy maýynda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” atly forum hem-de “Russia Halal Expo 2025” sergisi geçiriler. Bu çäreler Yslam ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, halal senagaty, maliýe hyzmatlary we sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, şeýle-de maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

 

Türkmenistan bu foruma gatnaşyp, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, halal önümçiligini ösdürmegi we eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýändigini mälim etdi.

 

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň geçirilmegi ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösmegine giň mümkinçilikleri döreder. Türkmenistanyň foruma gatnaşmagy daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagyna, täze söwda gatnaşyklarynyň emele gelmegine we milli bazaryň Yslam ykdysady giňişligine has-da laýyklaşmagyna ýardam eder.

 

“KazanForum 2025” Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda ykdysady, medeni we tehnologik hyzmatdaşlygyň möhüm strategik meýdançasy hökmünde çykyş edýär.