logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
  06.09.2025
512
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ilatyna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, dokma, azyk, egin-eşik we durmuşda zerur bolan önümlerden ybarat kömek ýükleri Kabul şäherine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Kömekleriň ugradylmagy türkmen halkynyň gadymdan gelýän mätäje goldaw bermek ýörelgesiniň häzirki wagtda hem dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ynsanperwerlik işleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça gaznanyň adyndan amala aşyryldy.

 

Kabulda geçirilen kabul ediş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, şeýle kömekler türkmen-owgan dost-doganlygyny has-da pugtalandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam edýär.

 

Muhammetmyrat MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.