logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar
  21.04.2025
1706
Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (TEIF 2025) Türkmenistan özüniň ykdysady mümkinçiliklerini we maýa goýum ugurlaryny tanyşdyrar. Bu forum energetika, durnukly ösüş hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýaly möhüm ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen möhüm halkara çärä öwrüler.

 

Forum başlamazdan öň geçiriljek deslapky mejlislerde nebitgaz pudagynda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy ýaly häzirki zaman meselelerine aýratyn üns berler diýip, guramaçylar habar berýärler.

 

Forumyň birinji bölümi Inženerler-nebitçiler jemgyýeti (SPE) tarapyndan guralyp, oňa “PETRONAS”, “Ad Terra Asia” ýaly halkara kompaniýalarynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň wekilleri gatnaşar. Bu bölümde buraw işleriniň awtomatlaşdyrylmagy, önümli gatlaklara gözegçilik, logistika we daşky gurşawa zyňyndylaryň dolandyrylyşy ýaly ugurlarda emeli aň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Forumyň ikinji bölümi bolsa Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem-de durnukly syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanar.

 

TEIF 2025 forumynyň çäklerinde Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň, syýasy ýolbaşçylarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Tebigy gazy çuňlaşdyryp işlemek, wodorod energetikasy, sanlylaşdyrma, energetika ulgamlary we iri infrastruktura taslamalary forumyň gün tertibiniň esasy ugurlary bolar.

 

Bu forum sebitde strategik ähmiýete eýe bolan taslamalary durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm platforma hökmünde çykyş eder.