logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy
  13.04.2024
663
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy

Ýurdumyzda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,7, ulag we aragatnaşykda 6,6, hyzmatlar ulgamynda 7,6, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 4,1 göterim boldy. Zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyryldy.

 

Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär.

 

Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam etdi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 8,8 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim ýokarlandy.

 

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,3 göterim artdy.

 

Gurbansoltan MYRADOWA,

 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.