logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenistandan 3 müňe golaý zyýaratçy haj saparyna ugradyldy
  31.05.2025
1138
Türkmenistandan 3 müňe golaý zyýaratçy haj saparyna ugradyldy

Ýakynda Türkmenistandan 2844 adam haj parzyny ýerine ýetirmek maksady bilen Saud Arabystanyndaky Mekke we Medine şäherlerine zyýarata ugradylar. Olaryň 289-sy döwlet tarapyndan maliýeleşdirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi.

 

Bu mukaddes sapara Türkmenistanyň ähli sebitlerinden we Aşgabat şäherinden adamlar gatnaşýar. Gurban baýramynyň günlerinde türkmenistanlylar dünýäniň dürli künjeklerinden gelen musulmanlar bilen bilelikde Watanyň abadançylygy, halkyň agzybirligi we ýolbaşçylaryň saglygy üçin doga-dileg edýärler.

 

Her ýyl haj döwri Türkmenistandan müňlerçe adamy bir ýere jemleýär. Bu bolsa, milli däp-dessurlaryň dowam etdirilýändigini we dini ynançlara uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Zyýaratçylaryň bellemegine görä, şeýle mukaddes saparlara gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilikler döwlet syýasatynyň ynsanperwerlik we ruhy gymmatlyklara aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.