logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmenistanly karateçiler Indoneziýadaky ýaryşa gatnaşýar
  15.11.2022
1280
Türkmenistanly karateçiler Indoneziýadaky ýaryşa gatnaşýar

Türkmenistanly 14 türgenden ybarat karateçiler topary, Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçiriljek dünýäniň iň güýçli karateçilerini bir ýere jemleýän «Karate 1 Series A Jakarta 2022» karate möwsüminiň jemleýji ýaryşlaryna gatnaşmak üçin , Indoneziýa döwletine gitdiler.

Bu abraýly ýaryşda çykyş etjek türkmen wekiliýetine 2 tälimçi ýolbaşçylyk edýär. Şol ýerde boljak türkmen toparyna bolsa eminleriň üçüsi wekilçilik edýär.

Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçiriljek ýaryşa 65 ýurtdan 600-den gowrak türgeniň gatnaşar.