logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmenistanly Reşit Öwezow «MMA» boýunça çempion boldy
  14.11.2022
1583
Türkmenistanly Reşit Öwezow «MMA» boýunça çempion boldy

Russiýa Federasiýasynyň Dimitrowgrad şäherinde geçirilen «MMA» boýunça açyk birinjiliginde we çempionatynda türkmenistanly Reşit Öwezow 71 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýeledi.

Reşit Öwezow - Kazan Federal uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby bolup, ol ýaşlygyna garamazdan, sportuň kikboks görnüşi boýunça sport ussatlygyna dalaşgärdir. 20 ýaşly Reşit öz agram derejesinde Türkmenistanyň bäş gezek çempiony bolmagy başardy. Ol 2020-nji we 2022-nji ýyllarda Kazanda geçirilen «TATFIGHT» professional söweş ligasynyň taýboks ýaryşlarynda iki gezek ýeňiji boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Reşit Öwezow «MMA» boýunça 2017-nji ýylda Samarkandyň (Özbegistan) çempionatynda birinji orny we Mari El Respublikasynyň Kubogynyň (Russiýa Federasiýasy) iň ýokary baýragyny eýeledi.