logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmenistanly türgenler «Banzai Cup» halkara ýaryşynda 13 medal gazandylar
  07.09.2022
1391
Türkmenistanly türgenler «Banzai Cup» halkara ýaryşynda 13 medal gazandylar

Golaýda, Germaniýanyň Berlin şäherinde karate boýunça 17-nji gezek «Banzai Cup» halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy. Halkara ýaryşa türkmenistanly türgenler hem gatnaşyp, 13 sany medala eýe bolmagy başardylar. Olaryň dördüsi altyn, ikisi kümüş, ýedisi bolsa bürünç medallar bolup durýar.

 

 

Altyn medala, Öwezmyrat Sapardurdyýew, Allanur Ýalkabow, Resul Atajanow we Dawut Nazmyradow, kümüş medalyň ikisine Dawut Nazmyradow, bürünç medala Perhat Atamyradow, Baýry Baýryýew, Erkin Taganow, Rüstem Puhanow, Süleýman Garlyýew bilen Muhammetnur Annamuhammedow dagylar mynasyp boldy.

 

 

Ýene bir bürünç medaly Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy «kumite» görnüşi boýunça eýeledi.