logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda dabaraly çäre geçirildi
  22.05.2025
715
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda dabaraly çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň mejlisler zalynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany!» atly dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan guraldy.

 

Dabaranyň dowamynda Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we daşlar gaznasynyň sergisi görkezildi.

 

Maslahatda çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk we ynanyşmagy üpjün edýän ýurt hökmünde möhüm orny eýeleýändigini, onuň halklaryň arasyndaky dostluk, agzybirlik we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmäge goşant goşýandygyny nygtadylar.

 

Şeýle hem ýurdumyzda bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, halkara maliýe guramalary we sebit ösüş banklary bilen gatnaşyklary giňeltmek, ykdysady taýdan möhüm ugurlary maliýeleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin maglumat berildi.