logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Türkmenistanyň iň gowy küştçüsi kesgitlenildi
  15.02.2023
1104
Türkmenistanyň iň gowy küştçüsi kesgitlenildi

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy 17 ýaşly «FIDE» ussady Läle Şöhradowa küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy.

Aşgabatda geçirilen zenanlaryň esasy ligasynda ýeňiş gazanan Läle Şöhradowa çempion adyny almak üçin 14 küştçi bilen bäsleşdi.

Soňky 8 oýunda ýekeje-de ýeňlişe sezewar bolman, Läle Şöhradowa 10,5 utuk toplady we 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň ikinji çempiony, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Merýem Agajanowadan 0,5 utuk öňe saýlandy. Birinji orny eýelemek üçin bu iki küştçüniň arasynda geçirilen oýunda Läle ýeňiji boldy.

Belläp geçsek, Läle Şöhradowa küşt oýnamaga 5 ýaşynda başlady. Ol eýýäm 9 ýaşyndaka Taýlandda geçirilen dünýä çempionatynda öz ýaşyndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýä çempiony boldy. Läle 12 ýaşynda 2018-nji ýylda Batumide geçirilen bütindünýä küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde çykyş etdi we 14 ýaşynda 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ilkinji milli derejäni aldy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Läle çalt oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Indi bolsa ilkinji gezek zenanlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça üstünlik gazandy.

Türkmenistanyň täze çempionynyň bu üstünliklerine onuň tälimçisi Gülhan Gurbandurdiýewa hem guwanýar.

Çempionatyň netijelerine görä, 5-nji orny eýelän, Läläniň jigisi Leýla Şöhradowa hem zenanlaryň milli ýygyndy toparyna goşuldy.

Zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony bolan Läle Şöhradowa, «erkekleriň» ýokary ligasy hökmünde tanalýan Türkmenistanyň abraýly açyk çempionatynyň jemleýji tapgyrynda oýnamak hukugyny gazandy.