logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy üstün çykdy
  06.06.2022
1242
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy üstün çykdy

Ýakynda, geçirilen Aziýanyň Kubogy 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Eýranyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan Özbegistanyň ýygyndysy «A» toparçada birinji, 3 utuk toplan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bolsa ikinji orny eýeleýär. Bir utukdan toplan Eýranyň hem-de Kataryň ýygyndy toparlary degişlilikde üçünji, dördünji orunlarda ornaşdylar.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy üçünji tapgyrda Kataryň ýygyndy topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 7-nji iýunda geçiriler. Şeýle hem Aziýa Kubogynyň çärýekfinalynyň duşuşyklary 11-12-nji, ýarym final 15-nji, üçünji orun ugrundaky duşuşyk 18-nji, final oýny bolsa 19-njy iýunda geçiriler.

Belläp geçsek, ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry Özbegistanda dowam edýär.