logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /“Türkmennebit” döwlet konsernine 30 sany kuwwatly buldozerler gowşuryldy
  02.01.2024
665
“Türkmennebit” döwlet konsernine 30 sany kuwwatly buldozerler gowşuryldy

Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet  konsernine degişli bolan Balkan welaýat “Nebitgazçykaryş” trestine 30 sany kuwwatly buldozerler gowşuryldy.

 

 

“Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin 2030-njy ýyla çenli döwür  üçin Maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzda nebit çykaryjy esasy kärhana bolan “Türkmennebit” döwlet  konsernine gelip gowşan “TY 160G” kysymly täze buldozerler alnyp barylýan işleriň ýokary depginlere ýetmegine mümkinçilik berer.

 

 

Häzirki wagtda bu kärhana tarapyndan geologiýa – gözleg, burawlaýyş, guýulary düýpli abatlaýyş işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen satyn alnyp berilýän dürli maksatlar üçin tehnikalar, maşynlar, dürli desgalar nebitçilere has-da ýokary sepgitlere ýetmäne ýardam edýär.

 

 

Giň gerimli işler üçin niýetlenen “TY 160G” kysymly buldozerler Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnandyr.

 

Suraý Möwlamberdiýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.