logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /"Türkmennebit" we "PETRONAS" Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
  26.04.2025
722
"Türkmennebit" we "PETRONAS" Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

"Türkmennebit​" döwlet konserni bilen "PETRONAS​ Carigali​ (Türkmenistan) Sdn​.Bhd​" kompaniýasy 23-24-nji​ aprel aralygynda Malaýziýanyň Kuala​-Lumpur​ şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama Hazar deňziniň türkmen bölegindäki bäş deňiz guýusynda gözleg işleriniň alnyp barylmagynyň şertlerini kesgitleýär.

 

Forumyň plenar mejlisinde "PETRONAS​" toparynyň ýolbaşçysy we Baş ýerine ýetiriji direktory Tengku​ Muhammad​ Taufik​ Tengku​ Kamadja​ Aziz Türkmenistan dünýä energetikasynda möhüm merkez hökmünde aýratyn strategik ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle-de ol Malaýziýanyň kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp geçdi.

 

Taraplar deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda, halkara hukugyna we iki ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge hem-de täze maýa goýumlaryny çekmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

 

"PETRONAS​" kompaniýasy Türkmenistanda eýýäm 30 ýyl bäri iş alyp barýar. Deňiz böleginde önümi paýlaşmak boýunça baglaşylan şertnamalar, şeýle hem Gyýanly şäherçesinde ýylda 5 milliard kubmetr gazy we 2,4 million tonna kondensaty gaýtadan işlemäge ukyply gaz zawody bilen terminalyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly ylalaşyklar hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy.