logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Üçünji Hazar ykdysady forumy Eýran yslam Respublikasynda geçiriler
  01.11.2023
741
Üçünji Hazar ykdysady forumy Eýran yslam Respublikasynda geçiriler

Üstümizdäki aýyň başynda Eýran Yslam Respublikasynda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Geçiriljek foruma türkmen wekilýetleri we hazarýaka döwletleri gatnaşarlar.

 

 

Üçünji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibinde ulag-logistika, nebit-gaz pudagy, maliýe we bank ulgamy ýaly ugurlar bilen bagly meseleler orun alar. Bu forumda dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, nebit-gaz pudagyny ösdürmekde uly mümkinçilikler dörediler. Bilşimiz ýaly Azerbaýjan Respublikasy Türkmen nebitine uly isleg bildirýär. Hazarýaka döwletleriň üsti bilen söwda gatnaşygyny Beýik ýüpek ýoluny çekmek, logistika ýoluny açmakda şertnamalaýyn borçnamalaýyn resminamalara gol çekildi.

 

 

Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi, ikinji Hazar ykdysady forumy hem 2022-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirlipdi bu bolsa halkara gatnaşyklary yzygiderli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň II ýyl talyby.